logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /“Saglygym-Baş baýlygym”
  15.09.2021
986
“Saglygym-Baş baýlygym”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu netijeli işleri üstünlikli ýola goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmekde TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň we etrap Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wekillerinden düzülen wagyz-nesihat toparlary  etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň şeýle-de oba Geňeşliklerinde, etrap merkezinde ýaşaýan raýatlaryň maşgala agzalarynyň arasynda bolup, olara lukman maslahatlary bilen bilelikde möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda geçiren mejlisiniň Teswirnamasy esasynda çäklendirmeleri girizmek boýunça netijeli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Häzirki wagtda hem dowam edýär.

        Düşündiriş ähmiýetli işleriniň dowamynda wagyz-nesihat toparynyň agzalary sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp, raýatlara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berýärler. Şeýle-de Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajyplygy barada wagyz-nesihat işleriniň dowamynda aýratyn bellenilýär.