logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Health /Saglygy goraýşyň habarlar merkezi - Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça ýatladýar!
  16.12.2022
1174
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi - Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça ýatladýar!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça aşakdakylary ýatladýar! 

1. Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;

2. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;

3. Pasyllara görä geýinmeli;

4. C witamine baý önümler bilen iýmitlenmeli;

5. Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz  bolmagyny üpjün etmeli;

6. Gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak bilen burç bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;

7. Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;

8. Asgyrylanda we üsgürilende, elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;

9. Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahardan öň we soň, hajathanadan soň, daşardan geleniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly;

10. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir;

11. Türkmenistanda ösýän  dermanlyk ösümliklerden  taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli.