Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglygy goraýşyň habarlar merkezi kömelek zäherlenmesinden ägä bolmaklyk barada duýdurýar!
  29.03.2023
1165
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi kömelek zäherlenmesinden ägä bolmaklyk barada duýdurýar!

Bahar paslynda kömelekden, ysmanakdan, selmeden we beýleki tebigy nygmatlardan taýýarlanan tagamlar hem desterhanlaryň bezegine öwrülýär. 

Kömelegiň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan beloklaryň, mineral duzlaryň, fosfor turşusynyň, A, В, С, РР witaminleriniň bardygyny bellemeli. Kömelegiň düzüminiň 91 göterimi suwdan, 3,2 göterimi ýaglardan, 3,7 göterimi uglewodlardan, 0,8 göterimi mineral duzlardan ybaratdyr. Onuň iýmitlik gymmaty beloklara we kaliý duzlaryna baýlygyndadyr. Kömelek ganazlykda we sowuklamada peýdaly. Iýmit siňdiriş ýollarynyň, böwregiň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmasynda kömelekli tagamlary iýmek maslahat berilmeýär. 

Kömelegi nädip saýlamaly? 

Meýdan kömelekleriniň dürli görnüşleri bolup, olary adam bedeni üçin zäherli we zähersiz toparlara bölmek mümkin. Zäherli kömelekleriň sütüni inçeden uzyn, telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden açyk we ýazgyndyr. Şikeslenen, mynjyran, telpejigi epilen we garalan, içi goňur tegmillerden doly kömelek iýmäge ýaramsyzdyr. Meýdanda kömelek çöplenende, olaryň iýilýändigi-iýilmeýändigi saýgarylyp bilinmedik ýagdaýynda ýa-da olaryň çöplenýän ýerleriniň ekologik taýdan arassa bolmazlygy zäherlenme hadysasyna getirip biler. Zäherleýji maddalar diňe zäherli kömeleklerde bolman, eýsem, iýilýän kömelekleriň hem käbir görnüşinde az mukdarda saklanýar.

Kömelekleri akyp duran suwuň aşagynda ýeke-ýekeden gowy edip ýuwmaly. Soňra bişirmezden öň bir gezek gaýnadyp, suwuny dökmeli. Awtomobil ýollarynyň, demir ýollaryň ugrunda, senagat kärhanalarynyň golaýynda ösen kömelegi iýmekden gaça durmaly. Sebäbi kömelek howadaky we toprakdaky adam saglygyna zyýanly maddalary özüne siňdirýär. 

Kömelek zäherlenmesinden ägä boluň! 

Iň howply zäherlenme kömelek zäherlenmesidir. Muňa iki ýagdaý sebäp bolup bilýär: zäherli kömelegiň iýilmegi we iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanylmagy. Kömelek çalt zaýalanýar, şonuň üçin ony ýygnalan güni iýmäge çalşyň! Kömelekden zäherlenmäniň ilkinji alamatlary ony iýeniňden birnäçe sagat geçenden soňra ýüze çykyp başlaýar. Garyn boşlugynda güýçli agyry, üznüksiz gaýtarma, içgeçme, baş aýlanma, ýürek urşunyň haýallamagy, gan basyşynyň pese düşmegi, titreme peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykanda, hökman lukmana ýüz tutmaly. Eger-de iýilýän kömelegi zäherliden saýgaryp bilmeseňiz, gowusy, ak bazarlarda ilata hödürlenýän, degişli barlaglardan geçen kömelekleri satyn almak maslahat berilýär. 

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.