logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Sagdynlygy berkitmek – durmuşyň baş ýörelgesidir
  26.10.2023
541
Sagdynlygy berkitmek – durmuşyň baş ýörelgesidir

Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy meselele halkyň saglygyny goramaklykdan ybarat. Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygyna aýratyn üns berlip,  bu ugurda uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa her bir türkmen halkyny buýsandyrýar. Il saglygy – ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda saglyk ulgamyndaky bu belent sepgitler her bir türkmen raýatyny  begendirýär, buýsandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň  halkara derejesindäki at-abraýyny has-da  beýgeldýär.

 

 

Berkarar döwletimizde «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda bejermäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar ömür sürmegi üçin tutumly işler amala aşyrylýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. 

 

 

Häzirki wagtda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaş nesillerine hem bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saglygyny berkitmekleri, döwrebap dynç almaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir. 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy we gymmatly baýlygydyr. 

 

 

Jemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň
Kliniki Farmako logiýa okuwly gospital terapiýa
kafedrasynyň asistendi.