logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  12.05.2023
1009
«Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

10-njy maýda, Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça Kaka etrap bilim bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň 17-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

Bu duşuşykda Temmäki serişdeleriniň adamyň diňe bir beden sagdynlygyna zeper ýetirmän, tutuş jemgyýete  howp salýandygy, bu bet pişelerden gaça durmalydygy, ondan goranmalydygy, oňa garşy göreşmelidigi hakynda söhbetdeşlik guraldy.

 

Ýygnagyň dowamynda çykyş eden kärdeşler hem  neşe belasynyň adamlara ýetirýän zyýanlary barada gürrüň etdiler, ony berk ýazgardylar.

 

Mähri ALIÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň işgäri.