logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Health /Sagdyn beden — sagdyn ruh
  06.04.2025
1007
Sagdyn beden — sagdyn ruh

"Sagdyn bedende – sagdyn ruh" diýen gadymy pähim häzirki wagtda hem uly ähmiýete eýedir. Bu pähim adam bedeniniň saglygy bilen ruhy ýagdaýynyň aýrylmaz arabaglanşygyny görkezýär. Adam diňe bedenen sagdyn bolanda däl, eýsem ruhy taýdan hem durnukly we bagtly ýaşap bilýär. Beden saglygy adamyň güýçli, işjeň we döredijilikli ýaşamagy üçin möhüm şertleriň biridir. Bedenimizi sagdyn saklamak üçin dogry iýmitlenmek, yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak we kadaly dynç almak zerurdyr.

 

Şeýle hem beden saglygyny goramak bilen birlikde, ruhy durnuklylygy hem üpjün etmek möhümdir. Ruhy taýdan sagdyn adam durmuşda kynçylyklara garşy durup bilýär, ýagty pikirli we sabyrly bolýar. Ruhy saglygyň bozulmagy, ýagny stres, depressiýa ýaly ýagdaýlar adamyň bedenine hem ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin adam öz saglygyny goramakda diňe bir bedeni däl, eýsem ruhuny hem goramaga borçludyr.

 

Sagdyn durmuş ýörelgeleri diňe bir şahsy durmuş üçin däl, eýsem jemgyýetiň ösüşi üçin hem möhüm bolup durýar. Sagdyn adamlardan ybarat jemgyýet güýçli, döredijilikli we öňe barýan bolýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan sagdyn durmuş syýasaty hem halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga, ýaş nesliň beden we ruh taýdan sagdyn ösmegine gönükdirilendir.

 

Sagdyn beden we sagdyn ruh biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Adam ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin bedenini goramaly, bedeni sagdyn bolmak üçin bolsa ruhuny durnukly saklamalydyr. Şonuň üçin hem sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak örän wajypdyr.

 

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.