logo

Latest news:
✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦
Home / Society /Ruhy bütewiligiň mukaddes döwri başlandy
  17.02.2026
198
Ruhy bütewiligiň mukaddes döwri başlandy

18-nji fewralda ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanylýan Oraza aýy (Remezan) başlandy. Bu aý ruhy täzelenişiň, sabyrlylygyň we ybadatyň güýçlenýän döwrüdir. Oraza döwründe musulmanlar diňe bir agyz beklemek bilen çäklenmän, eýsem ruhy taýdan arassalanmaga, ýagşy amallary artdyrmaga çalyşýarlar.

 

Remezan aýyna mahsus bolan ybadatlaryň biri-de tarawih namazydyr. Bu namaz diňe Oraza döwründe, gijeki parz namazyndan soň ýerine ýetirilýär. Adatça, tarawih namazy metjitlerde jemagat bilen okalýar. Şeýle jemagatlaýyn ybadat musulmanlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, jebisligi we ruhy bitewüligi güýçlendirmäge ýardam edýär.

 

Tarawih namazy meýletin, emma ýokary derejede gadyr goýulýan sünnet hasaplanýar. Ol ynsan bilen Allanyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga we ybadatda yhlasly bolmaga mümkinçilik berýär.

 

“Tarawih” sözi arap dilinden terjime edilende “dynç alyş” ýa-da “arakesme” manysyny berýär. Bu at namazyň aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr: her dört rekagatdan soň gysga wagtlyk arakesme etmek däbe öwrülendir.

 

18-nji fewralyň säherinden başlap, musulmanlar üçin agyz beklemek döwri başlandy. Oraza tutýan adamlar säherden agşama çenli iýmitden we suwdan saklanýarlar, wagtyny doga-dileg, sadaka bermek we ýagşy işler bilen geçirýärler.

 

Mukaddes aý 30 gün dowam edip, 20-nji martda tamamlanar diýlip garaşylýar. Bu sene häzirki ýylda Nowruz baýramy bilen hem gabat gelýär. Oraza aýynyň üstünlikli tamamlanmagynyň nyşany hökmünde musulman dünýäsi Oraza baýramyny belleýär. Türkmenistanda bu baýram döwlet derejesinde bellenilip, resmi dynç güni hökmünde yglan edilýär.