Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Röwşen ykbally nesil
  09.04.2024
124
Röwşen ykbally nesil

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň dünýä laýyk derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet  syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, hünärli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

 

Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistan döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan ybaratdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklarynyň bagtyýar nesillerimiziň hyzmatyna berilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bizi — bilim işgärlerini has-da begendirýär, işimize döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerine, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýaşlar öz bilimlerini artdyrýarlar, dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler, şeýle hem oňat tejribe toplaýarlar. 

 

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim bermegiň döwrebap ugurlary üstünliklere beslenýär. Bu babatda sanly ulgamyň mümkinçilikleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly. Şu maksatdan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşýarlar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar döwrebap tehnologiýalara oňat düşünýärler. Bu bolsa röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň ylym-bilimlidigini, dünýägaraýyşlarynyň giňdigini aňladýar.

 

Maýsa HALLYÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.