logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Rejep Taýyp Ärdogan 69 ýaşady!
  27.02.2023
1236
Rejep Taýyp Ärdogan 69 ýaşady!

Düýn ýagny 26-njy fewralda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 69 ýaşady. Döwlet Baştutanynyň doglan gününi sosial media ulgamlarynda #İyikiDoğdunMilletinAdamı haştagy bilen millionlarça adam gutlady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dagylar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Rejep Taýyp Ärdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda Stambulda dünýä indi. Ol 1965-nji ýylda Kasımpaşa Piyale başlangyç mekdebini we 1973-nji ýylda İstanbul İmam Hatip orta hünär mekdebini tamamlady.

Marmara uniwersitetiniň Ykdysadyýet we söwda ylymlary fakultetinde bilim alan Ärdogan bu ýokary okuw mekdebini 1981-nji ýylda tamamlady. Ärdogan ýaşlykdan jemgyýetçilik durmuşy we syýasat bilen içgin gyzyklanyp geldi we dürli ýyllarda dürli wezipelerde işledi.