logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /PIKIRLERI OKAÝAN EMELI AŇ
  20.02.2023
1934
PIKIRLERI OKAÝAN EMELI AŇ

Meta - «Beýni dekoderini» döretdi, onuň kömegi bilen emeli aň modeller beýni işjeňligini «okaýarlar» we dile öwürýärler. Bu guraly aýtjak sözlerini we jümlelerini kellesinde aýlaýan ulanyjylaryň arasynda pikir arkaly aragatnaşyk saklamakda ulanyp bolýar.

Meta tehnologiýasy özüne meňzeş beýleki tehnologiýalardan beýni işjeňliginiň ýazgysynyň inwaziw däl usullaryna esaslanýandygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa diňe daşky datçikler ulanylýan elektroensefalografiýany (EEG) we magnitoensefalografiýany (MEG) ulandy. EEG-den we MEG-den alynýan maglumatlaryň ygtybarlylygy beýnä ornaşdyrylan datçikleriň berýän maglumatyndan pesdir. Şol sebäpli netijesi has gowy bolar ýaly, çykyş maglumatlarynyň has ulurak göwrümini işläp taýýarlamaly boldy.

Emeli aň synaga gatnaşyjylaryň audiokitaplara we käbir jümlelere reagirleýşini bellige aldy, soňra bolsa tekstden gerek sözleri saýhallady-da, «sözlük» düzdi, onuň esasynda işi yzlygyna amala aşyrdy, ýagny pikirleri dile öwürdi.

Barlag geçirijiler gündelik durmuşda has köp ulanylýan 793 sözüň toplumyny ulananda 73% takyklygy gazandylar. 

 

Zarip NARKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.