logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi
  31.05.2025
1119
Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu giň gerimli çäre Ýewropa gününe bagyşlanyp, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Marafona jemi 517 adam gatnaşdy.

 

Marafon ir sagat 07:00-da başlanyp, 11:00-a çenli Garaşsyzlyk seýilgähiniň töwereginde geçirildi. Marafonyň başlangyç we tamamlaýjy nokatlary Türkmenbaşy şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň çatrygynda ýerleşdi. Guramaçylar dürli ýaş toparlaryna laýyklykda üç görnüşli aralygy bellediler: 2 kilometr — 16 ýaşyna çenli çagalara (ulular bilen bilelikde), 5 we 10 kilometr — 16 ýaşdan ulular üçin.

 

Ýaryşa gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen ähli zerur şertler döredildi. Çagalar üçin ýörite iýmitleniş zolaklary, 5 we 10 kilometrlik aralyga ylgaýanlar üçin bolsa suw we miwe bilen üpjün edilen beketler ýerleşdirildi.

 

Ýaryşyň netijesinde ýeňijiler we iň işjeň çykyş eden gatnaşyjylar baýraklar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Marafona baýramçylyk ruhy berýän dürli gyzykly bäsleşikler we sport çäreleri hem guramaçylyk derejesini has-da ýokarlandyrdy.