Paýtagtymyz Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş edip, tomaşaçylara baýramçylyk şowhunyny paýladylar.
Dabara Hökümet agzalary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, alymlar, döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekiller gatnaşdylar.
Baýramçylyk maksatnamasynda Garaşsyz Watanymyza, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna we ýurdumyzyň ösüş ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar hödürlendi. Ýerine ýetirijileriň aýdymlarynda Watana bolan söýgi, halkymyzyň agzybirligi we bagtyýar durmuş ýaly mowzuklar öz beýanyny tapdy.
Konsertiň dowamynda türkmen sungatynyň dürli ugurlary görkezildi. Milli aýdym-saz däpleri häzirki zaman sahna eserleri bilen sazlaşyp, baýramçylyk maksatnamasynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Mejlisler merkeziniň sahnasynda ýaňlanan aýdym-sazlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan konsert ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk dabaralaryna goşan döredijilik paýyna öwrüldi.
Gülşirin Ataýewa,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyrş
neşir edijilik bölüminiň dizaýner grafik baş hünärmeni
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti