Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatsöýüjilik başlangyçlary giň gerime eýe bolýar
  27.05.2023
859
Parahatsöýüjilik başlangyçlary giň gerime eýe bolýar

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň hem-de anyk işleriniň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Bu işleriň barha pugtalandyrylmagy Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda ýerleşmegi we onuň alyp barýan işlerine ýokary bahanyň berilmegi, ozaly bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk taglymatynyň goldanylýandygyny doly derejede aýan edýär. Ata Watanymyzyň möhüm halkara başlangyçlary sebitiň iň möhüm hem-de wajyp meselelerini çözmek üçin has amatly ýagdaýyň döredilmegine, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine has netijeli işleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyz Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, dünýäde ägirt uly hormata eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň alyp barýan hyzmatdaşlyk tejribesi halkara meselelerini syýasy, diplomatik ýollar bilen çözmegiň täsirli gurallaryny öňe sürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Munuň özi, netijeli hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda, hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň kemala getirilmeginde we durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmeginde oňyn çemeleşmeleriň bilelikde işläp taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem sebitiň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawyň ekologiýasyna aýawly çemeleşmek babatynda iri halkara başlangyçlary öňe sürülýär. Sebitde suw hem-de energetika serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak baradaky mesele boýunça özara bähbitli ylalaşyklary baglaşylýar. Türkmen döwletiniň daşary syýasatynda parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýasy ýaly düşünjeler özara sazlaşykda bir bitewiligi emele getirýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň düýpli binýady bolup durýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özünde halkara hukugynyň ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň oňyn tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri başlangyçlaryň öňe sürülmegi hem-de amala aşyrylmagy esasynda möhüm çäreleriniň durmuşa geçirilişini özünde jemleýär. Özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden hem-de halkara borçnamalaryndan gelip çykýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny häzirki wagtda giň gerimde ösdürilýär.  Türkmenistan ýurdumyz özüniň oňyn Bitaraplyk taglymatynyň esasy ýörelgelerin eýermek bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bu çäreler halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen iri başlangyçlaryň ençemesi bilen netijeli utgaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara ähmiýetli iri ykdysady, ulag-üstaşyr taslamalarynyň amala aşyrylmagy durmuş babatda durnuklylygyň özboluşly kepilliginiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmak, uzakmöhletli parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerini çözmek üçin örän möhümdir. 

 

Azizbek SABIROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň 
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 
3-nji ýyl talyby.