Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň, özgertmeler hem milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. Şeýle hem alnyp barylýan köptaraply we giň gerimli işleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanýar, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, Watanymyzyň halkara abraýy belende galýar. Bularyň hemmesi häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň, özgerişiň, dostlugyň, doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mekanydygyny sözüň doly manysynda bagtyýarlyk döwrüdigini aýan edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýalarynda, milli ösüşleriň ähli ugurlarynda türkmen Bitaraplygy öz beýanyny tapmak bilen, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşi gazanmakda hem mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilýär. Bu wezipeler «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, türkmeniň baky Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň taryhy maksadalaýyklygyny görkezdi. Häzirki wagtda halkara hukuk ylmynda Bitaraplyk düşünjesine aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Baky Bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň bu derejäniň gazanylmagynda ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklaryny utgaşdyryjy gural, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün edýän serişde hökmünde ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna aýratyn orun berilýär. Halkara tejribesinde türkmeniň baky Bitaraplygynyň sebit hem-de dünýäniň döwletleri üçin oňyn ähmiýeti işjeň häsiýetlendirilýär.
Goý, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynamdar gatnaşyklaryň berkemegi ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarydyr we teklipleri yzygiderli öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Aýna ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.