Garaşsyz baky bitarap ýurdumyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy goramak boýunça dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Bilşimiz ýaly 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen uzak möhletleýin ýörelgelere esaslanýan we iri garaýyşlary beýan edýän çuň manyly çykyşynda «...Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyjy biz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan etdik» diýip belläp geçdi.
Häzirki wagtda parahatçylyk we howpsuzlyk islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özeni hökmünde orta çykýar. Ata-babalarymyz ençeme döwürlerden bäri parahatçylyk we howpsuzlyk sözlerine aýratyn many-mazmun berýän sözler hökmünde seredip, parahatçylyk we howpsuzlyk ýaşaýyş durmuşyň, döredijilikli zähmet çekmegiň, agzybir ýaşamagyň ynsanyýet üçin örän uly gymmatlykdygyny nygtapdyrlar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga goşýan mynasyp goşandy hökmünde Bitaraplyk özboluşly halkara ähmiýetli gymmatlyga öwrüldi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ileri tutulýan ugur hökmünde ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli halkara gatnaşyklarynda başlangyçlary ýola goýmak ugrundaky çäreleri ýola goýmak; halkara we çäkli gapma-garşylyklary hem-de garşy durmalary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde diplomatik gepleşikleri ykrar etmek; häzirki zaman wehimleriniň we howplarynyň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak ýaly wezipeleriň kesgitlenendigi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döwlet Baştutanymyz tarapyndan ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Şanazar GARRYBAÝEW,
Türkmen obahojalyk institutynyň
weterinar lukmançylyk fakultetiniň
I ýyl talyby.