Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň binýady
  06.04.2025
3140
Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň binýady

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna beslenmegi saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi bolup, kalbymyzy galkyndyrdy, jemgyýetimiziň ähli ulgamyny gurşap alan döredijilikli zähmete täze ylham berdi. Bu gün mähriban Watanymyz dünýä giňişliginde oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, jemgyýetde özara ynanyşmagyň, agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

 

Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kadanamalar derejesinde öz beýanyny tapmagy adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynanyşmak bilen dialoglara girip, dünýäniň öňünde duran derwaýys meseleleri çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň has-da giňden dabaralanmagyna goşýan mynasyp goşandygyny şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çeken Permany esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilip, onuň düzüminiň tassyklanylmagy bilen, täze menzillere badalga berildi.

 

Adamyň adam bilen, halkyň halk bilen, döwletiň döwlet bilen dost-dogan bolup, biri-birine ynanyp, deň hukuklardan peýdalanyp, hyzmatdaşlyk etmegi baradaky ýörelgeler köp müňýyllyk taryhymyzyň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen, kämilleşdirilen ýörelgelerdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasaty bilen döwlet syýasatynyň özenine siňendir we dünýä üçin hem örän ähmiýetlidir. Munuň özi döwletleriň arasynda gatnaşyklary kämil ýola goýmaga, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmäge ýardam berýän gymmatly syýasy tejribä öwrüldi.

 

Goý, il-ýurdumyzyň, tutuş dünýäniň parahatçylygy, durnukly ösüşi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, umumadamzat bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Jennet ILAMANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.