Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦ ✦ Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy ✦ ✦ Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy ✦ ✦ Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre ✦ ✦ Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy ✦ ✦ Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf aradan çykdy
  06.02.2023
666
Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf aradan çykdy

Pa­kis­ta­nyň öň­ki pre­zi­den­ti Per­wez Mu­şar­raf Du­ba­ýyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de 79 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy.

Muşarraf 1943-nji ýylda doguldy. Harby akademiýany tamamlady. Ge­ne­ral Per­wez Mu­şar­raf 1999-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da hä­ki­mi­ýe­te ge­lip­di. Ol pre­zi­dent we­zi­pe­si­ni eýe­län­soň, prem­ýer-mi­nistr we gu­ry ýer güýç­le­ri­niň ser­ker­de­si we­zi­pe­le­ri­ni hem do­wam et­dir­di.

Ol 2007-nji ýy­lyň 6-njy okt­ýab­ryn­da tä­ze möh­le­te saý­lan­dy. Ol şol ýy­lyň 28-nji no­ýab­ryn­da go­şun ser­ker­de­si we­zi­pe­sin­den çe­ki­lip, ra­ýat pre­zi­den­ti hök­mün­de ka­sam ka­bul et­di. 2008-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ry onuň bäs­deş­le­ri­ne ýe­ňiş ge­tir­di.

Mu­şar­raf 2008-nji ýy­lyň 18-nji aw­gus­tyn­da işin­den çe­ki­lip, Lon­do­na git­di.

2013-nji ýy­lyň mart aýyn­da Pa­kis­ta­nyň öň­ki baş­tu­ta­ny par­la­ment saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin wa­ta­ny­na gaý­dyp gel­di. 2016-njy ýy­lyň mart aýyn­da be­jer­gi al­mak üçin da­şa­ry ýur­da git­di.