logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Öýde ýeke özi» (Home Alone) filmi barada
  08.12.2022
5304
«Öýde ýeke özi» (Home Alone) filmi barada

«Öýde ýeke özi» (Home Alone) filmi 1990-njy ýylda John Hughes tarapyndan ssenarisi ýazylan we Chris Columbus-yň režissýorlyk etmeginde düşürilen bir komediýa filmidir. Başrollarda Macaulay Culkin (Kewin), Joe Pesci (Garry) we Daniel Stern (Marwin) oýnaýar.

Dowamlylygy 102 minut bolan film - «21st Century Fox» şereketiniň önümi bolup, 1990-njy ýylyň 16-njy noýabrynda ABŞ-da çykýar. Film üçin 18 million dollar çykdajy edilýär we dünýä boýunça jemi 476,684,675 dollar girdeji gazanylýar.

Film barada aýdyp geçsek, maşgalasyny kän bir halamaýan Kewin berlen temmi sebäpli gijäni öýüň üçeginde geçirmeli bolýar. Ertesi gün ukudan oýananda maşgalasynyň öýde däldigine we başga şähere dynç almaga gidenlerinde ony ýatdan çykarandyklaryna göz ýetirýär. Kewin ilki howsala düşýär biraz wagtdan soň munuň özüne ajaýyp bir pursatdygyna düşünýär we ýalňyzlykdan lezzet alýar. Ýöne Kewiniň esasy aladasy öýe gelýän iki ogrudan öýi goramak bolup durýar.

Filmde surata düşürilen öý häzirki wagtda, ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Winnetka şäherinde ýerleşýär. Bu öý syýahatçylar we jahankeşdeler üçin açyk bolup, öýde bir gije galmagyň bahasy adam başyna 25 amerikan dollary bolup durýar. 

 

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.