logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Owadan trahiandra
  14.10.2022
1527
Owadan trahiandra

Ösümlik dünýäsi köpdürli görnüşe eýe bolmak bilen, olaryň arasynda sukkulentler özboluşly aýratynlyklary, ýaşaýyş şekilleri bilen tapawutlanýar. Belli bolşy ýaly, sukkulentler ýaprak synasynda köp mukdarda suw we dürli şire suwuklyklaryny saklamaga ýöriteleşendir. Sukkulentlere degişli bolan trahiandra hem özüniň ajaýyp ýapragy, daşky görnüşi bilen haýran edýär. Ol özboluşly ösümlik bolup, onuň ýaprak plastinkasy burawlanan görnüşindedir.

Trahiandralar esasan Günorta Afrika ýurtlarynyň çäginde şeýle-de Madagaskar adasynda ösýär. Ol dürli ýurtlarda «meduzanyň şupalsesi» diýlip hem atlandyrylýar. Görnüşine baglylykda, onuň boýy 15-25 sm-den 2 metre çenli ýetip bilýär. Güýçli ösen ýerasty kornewişesinde köp mukdarda ätiýaçlyk iýmit madda hem-de suw toplamaga ukyply. Ýagtylyk we ýylylyk ýeterlik derejede bolanda burma ýapraklary has-da dykyz spiraly emele getirýär. Görnüş aýratynlygyna görä, ýapraklary ýasy, üçburç, kesilen töwerek görnüşindedir. Gülleri ak, açyk sary reňkli, gowy ysly bolup, ol jaňjagaz şekillidir. Ony otag şertinde ösdürilende penjiräniň gündogar ýa-da günbatar tarapynda goýmaklyk gowy netije berýär. Şeýle-de otagyň howasy arassa hem-de ýylylygy 20-22 gradus bolanda onuň üçin kadaly +18 gradus ýylylykdan pese düşmegi trahiandra üçin zyýanly bolup durýar. Owadan trahiandra otag şertlerinde amatly mikroklimaty döretmek bilen birlikde otagyň içine bezeg hökmünde hem özboluşly görk goşýar.

 

Gözel HAÝTGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.