Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ösüşleriň barha batlansyn Watan!
  15.03.2023
597
Ösüşleriň barha batlansyn Watan!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha we barha artýar. Ähli ugurlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylmagy özgerişiň üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar we jemgyýetiň medeni hem ruhy ösüşini üpjün edýär. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda kämil binýada eýe bolýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdumyzy, jemgyýetimizi üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde äkidiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu günler ýurdumyzyň islendik künjegine barsaň hem, täze bina edilýän ägirt uly gurluşyklara gözüň düşýär. Eziz Watanymyzyň mukaddes topragy, ümmülmez sährasy, deňzi-derýasy bereket çeşmesine öwrülýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň has çalt ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu döwürde ýurtda ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri artdy.

Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, nebitgaz, ýangyç energetika, dokma we söwda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň welaýat merkezleri doly abadanlaşdyrylyp, durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly görnüşe getirildi. Täze etraplar, şäherlerdir şäherçeler döredildi. Şäherçeleriň her biri ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleri we çagalar baglaryny, sport toplumlaryny, döwrebap saglygy goraýyş we medeniýet edaralaryny, durmuş maksatly beýleki desgalary öz içine alýar. Olarda ulag we inženerçilik desgalary, awtomobil ýollary, suw we gaz ulgamlary, elektrik geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary guruldy. durmuş maksatly taslamalar ýurdumyzyň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar. Häzirki döwürde döwrebap ýol-ulag düzümi, ilatyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredilýär. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem, olaryň ählisinde iň täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagydyr. Munuň özi amala aşyrylýan beýik işleriň toplumlaýyn we sazlaşykly alnyp barylýandygyny şertlendirýär. Önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär we ähli pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir edýär. 

 

Akmuhammet AGAMURADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.