logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi
  29.05.2023
960
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleri, şanly wakalar we umumymilli baýramlar mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirildi.

Kitapda ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň we sanlylaşdyrmagyň, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň, ylmy, bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek arkaly, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny dowam etdirmegiň ýolunda öňe ilerlemeleri beýan edýän maglumatlar bar.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň taýýarlamagynda neşir edilen bu kitap amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ösüşini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylýan üstünlikleri açyp görkezýän möhüm ylmy-resminamalaýyn we maglumat-aň-bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ylmy-maglumat gollanmasy bilen üpjün edildi. Onuň goşundysynda at we geografik görkezijiler, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirildi.

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly neşiriň nobatdaky jildi ýurdumyzda ylmy, aýratyn-da, taryhy, syýasaty, jemgyýeti öwrenişi mundan beýläk-de döredijilik taýdan ösdürmek üçin ägirt uly ylmy-amaly ähmiýete eýedir. Bu neşir Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär we giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma döreder.