Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ösüş hem parahatçylyk ugrunda alnyp barylýan beýik işler
  25.05.2023
780
Ösüş hem parahatçylyk ugrunda alnyp barylýan beýik işler

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýola goýulýan asylly başlangyçlar uly üstünlikler, taryhy wakalar bilen baýlaşýar. Bagtyýarlyga, parahatçylyga, oňyn ösüşe beslenen täze eýýamda ýetilýän bu belent sepgitler geljekki ösüşlere badalga bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän parahatsöýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan oňyn netijeler köňülleri buýsanja besleýär. Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer daşary syýasat taglymaty bu gün tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Çünki bu ynsanperwer taglymat döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgelerini berkarar etmek babatda alnyp barylýan asylly işlere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, täze eýýamyň parahatçylyk taglymatydyr. Birek-birek bilen ynanyşmak, parahatçylygy dabaralandyrmak bolsa türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgesidir. Munuň özi dünýäniň ösüşini tizleşdirýän, dünýä halklaryny jebisleşdirýän, dostluga çagyrýan asylly işdir. Müňýyllyklaryň dowamynda merdana halkymyzyň ýöredip gelen parahatçylyksöýüjilik ýörelgesiniň belent ykrarnamasy hökmünde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň degişli düzümleri, dünýäniň abraýly guramalary we doganlyk ýurtlary bilen ýola goýan dostana gatnaşyklary aýdyň güwä bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi hem döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik ýörelgesine goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty hoşniýetlilige, parahatçylyga, deňhukukly gatnaşyklara esaslanýar. Bu ugurda alnyp barylýan söwda-ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky gatnaşyklar işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Bularyň hemmesi bolsa eziz ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň barha ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler, ylmy maslahatlar, medeni ugurdaky dostlukly festiwallar hem muny dolulygyna subut edýär. Şeýle asylly ýörelgelere, parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetlilige eýerýän Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty ösüşli ýollarda barha öňe ilerlemäge şert döredýär.

Ata Watanymyz Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary barha pugtalandyryp, halkara giňişligine işjeň goşulyşýar we giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açylýar. Bu bolsa türkmen döwletimiziň halkara abraýynyň has hem ýokarlanmagynda, dünýä ýaýylmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işlere badalga bolýar. Biz muny dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işleri, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam tapyp, ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty hökmünde belent ykrarnama eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Gülnar REJEPOWA,

Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň 
Boldumsaz etrap Geňeşiniň hasapçysy.