logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / In the world /OPEC: «Global nebit önümçiligi oktýabr aýynda ýokarlandy»
  16.11.2022
1149
OPEC: «Global nebit önümçiligi oktýabr aýynda ýokarlandy»

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy bolan «OPEC» geçen aýlardaky nebit bazary boýunça beren hasabatyna görä, toparyň gündelik çig nebit önümçiligi öňki aý bilen deňeşdirilende 210 müň barrel azaldy we 29 million 490 müň barrele deň boldy.

Şol döwürde «OPEC»-iň çig nebit önümçiligi Nigeriýada we Yrakda iň köp ýokarlandy. Saud Arabystany we Angola ýaly döwletlerde bolsa çig nebit önümçiligi diýseň azaldy. Hasabata görä, şol aý Nigeriýada gündelik önümçilik 33 müň barrele, Yrakda 20 müň barrele, Saud Arabystanynda 149 müň barrele we Angolada 78 müň barrele çenli ýetdi.

Şol döwürde «OPEC»-e agza däl ýurtlarda gündelik nebit önümçiligi 900 müň barrele çenli ýokarlanyp, takmynan 72 million barrele ýetdi. Şu nukdaýnazardan, global nebit üpjünçiligi oktýabr aýynda 101 million 480 müň barrele ýetdi we geçen aý bilen deňeşdirilende günde takmynan 700 müň barrele çenli ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylkydan 4 million barrele çenli ýokarydyr.

Meýilnama görä, sebit boýunça islegiň 1 million 280 müň barrele çenli artyp, 46 million 120 müň barrel bolmagyna garaşylýar. «OPEC» - global nebit islegi günde 2 million 240 müň barrele çenli artar we geljek ýyl takmynan 101 million 820 müň barrele ýeter diýip çaklaýar. 

 

Gülşirin ESENOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.