logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
  11.02.2023
1660
Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

10-njy fewralda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana hem-de tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi we Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan döwletimiz tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin ýyly egin-eşikleriň iberilendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk-de islendik zerur goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň we berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara, tutuş doganlyk türk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk dileg etdi.