logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Agriculture /Oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça öňdebaryjy döwletler
  06.11.2023
669
Oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça öňdebaryjy döwletler

Oba hojalyk pudagy bu islendik bir ýurdyň hem ykdysady kuwwatyna örän uly täsirini ýetirýär. Gün-günden dünýä ilatynyň artmagy bilen azyk üpjinçiligini amala aşyrmak üçin oba hojalygynyň möhümdigi hemmämize mälimdir. Oba hojalyk önümlerini eksport etmekde ilkinjileriň hatarynda: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Gollandiýa, Germaniýa, Fransiýa, Braziliýa döwletleri durýar.

 

 

Amerika oba hojalyk önümlerini daşary döwletlere çykarmakda ilkinji orunda durýar, emma öndürmekde däl, sebäbi öndürmekde ilkinji orunda Hytaý döwleti dur. Hytaýyň oba hojalyk önümlerini öndürmekde ilkinji orunda durandygyna garamazdan hem eksport etmek boýunça birinji orunda Amerika döwleti bolup durýar.Amerika soýany,pamidory,mekgejöweni öndürmekde ilkinji orunda hasaplanylýar.Şeýle hem ABŞ-nyň oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça her ýyl 150 milliard dollara barabardyr.

 

 

Ikinji orunda bolsa tutýan meýdanynyň kiçiligine garamazdan, Gollandiýa hasaplanylýar.Gollandiýada esasan sanly ulgam arkaly dolandyrylýan ýyladyşhanaly bilen hem meşgurdyr.Gollandiýa döwleti baýyrlyklaryň, nätekiz ýerleriň üstünden hem diýseň ýokary hasyl almagy başarýarlar.Döwletiň eksporty üç bölekden durýar: 61 milliard dollar azyk önümleri, 9 milliard dollar çig mal şol sanda tehnologiki hyzmatlaryň üstünden bolsa 24 milliard dollar jemi 94 milliard dollar bolup durýar.

 

 

Germaniýa esasan däneli ekinleri, süýt önümleri, sygyr eti, şeker palajy ýaly ekinleri has köp ekmek bilen ýylda 86 milliard dollara barabardyr.

 

 

Frasiýa özüniň öndürýän süýt önümleri,sygyr eti, doňuz eti şeýle hem bugdaý önümleri bilen dünýäniň köp ýurtlaryna eksporty amala aşyrýar.

 

 

Dünýädäki iň uly kofe öndürijisi hasaplanýan Braziliýa şol bir wagtyň özünde bugdaý, bürünç eksport etýär.Ýurdyň ýyllyk eksporty 79 milliard dollara ýetýär.

 

 

Erkin ANNAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.