logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Nýu-Ýork şäheri her ýyl 2 millimetr aşak çökýär!
  19.05.2023
793
Nýu-Ýork şäheri her ýyl 2 millimetr aşak çökýär!

Nýu-Ýork şäheri ýuwaş-ýuwaşdan aşak çökýär. Munuň sebäbi bolsa şäherdäki örän äpet we beýik binalar bolup durýar. Bu agyr desgalar şäheriň ýyl-ýyldan aşak çökmegine getirýär.

Hemra maglumatlaryndan alnan täze gözlegiň netijesine görä, Nýu-Ýork şäheri birnäçe ýyldan suwuň aşagynda galyp biler. Alymlar bu tebigy hadysany tehniki çökgünlik diýlip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý aşa basyş edilende ýüze çykýar.

Gözlegçiler Nýu-Ýork şäherindäki 1 milliondan gowrak binanyň umumy massasyny hasapladylar we binalaryň 764,000,000,000 kilogramdygyny anykladylar. Häzirki wagtda şäherde 8 milliondan gowrak adam ýaşaýar. 

 

Çeşme: PopularScience.