logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy
  14.03.2025
1682
Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen halky, öz mukaddes däp-dessurlaryny we gadymy baýramlaryny gorap saklamak bilen, olary has-da baýlaşdyryp we aýratyn çäreler bilen belleýär. Şolardan biri-de, dünýäde uly orna eýe bolan Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz günüdir.

 

Nowruz baýramynyň dünýä medeniýetindäki ähmiýetini giňeltmek maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda, ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem, 2010-njy ýylyň fewral aýynda, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Eýranyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edilip, ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

 

Nowruz baýramynyň taryhy, XI-XV asyrlarda ýaşaýan gündogar akyldarlarynyň eserlerinde, şol sanda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgularynda we halk döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy hem bu baýramy öz döredijiliginde wasp edip geçipdir. Nowruz, täze ýyl baýramy bolmak bilen, gadymy döwürlerden bäri bellenýär.

 

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylynda bellenilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni gutly bolsun!

 

Owadan ARMEDOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň çaga stomatologiýa
kafedrasynyň assistenti.