logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Nowruz — täzelenişiň baýramy
  22.03.2024
964
Nowruz — täzelenişiň baýramy

Pasly-baharyň gelmegi bilen türkmen tebigaty gaýtadan janlanyp, gök begrese beslendi. Sähra-çöllerimizde, dag-düzlerimizde açylan al-elwan güller gözelligi, müşk-anbar ysy bilen hemmeleri maýyl edýär. Degre-daşymyzyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda-da ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uludan toýlanylýar.

 

Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

 

Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, Watana bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Bu asylly ýörelgeleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy hem öz şahyrana döredijiliginde wasp edipdir. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

 

Ajaýyp zamanamyzda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Munuň özi döwrümiziň bagtyýarlygyndan, halkymyzyň eşretli durmuşyň eýesidiginden nyşandyr.

 

Bägül MERDANOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.