logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz hakynda yrymlar
  17.03.2025
1350
Nowruz hakynda yrymlar

Nowruzda  dünýä  inen  çaga  bagtly bolarmyş.

***

Nowruzda  howa yssy bolsa ,  ýylyň  gurak  geläýmegi ahmaldyr.

***

Nowruzda  gargalar  gagyldaşsa,  yzyndaky  aýda howa salkyn bolar.

***

Nowruzda  geýlen  täze  geýim bagt getirermiş.

***

Nowruzda  şemal  demirgazykdan  öwüsse, ýaz  ýagyşly, tomus yssy bolar. Eger şemal   günortadan  öwüsse tomus yssy hem epgek bolar.

***

Nowruzda  howa  sowuk bolsa,  däneli  ekinleriň  hasylly boljakdygyndan  nyşandyr.

***

Nowruzda  ak ýürekden   edilen  arzuwlar  wysalyna gowuşýar.

***

Semeni  taýýarlanylýan  wagty  gögeren  bugdaýyň  gökje  maýsasynyň  ýüzüni gyrkyp  alyp,  saçbaga dakmak  bagt getirermiş.

***

Musulman  halklarynyň  käbirinde  semeni  diňe Nowruzda bişirilýär.

***

Nowruzda semeni  bişiren  adam  ony  ýedi öýe  dadyrmalymyş. Şonda  rysgalyň  ýetmiş esse  bolup  gaýdyp gelermiş.

***

Nowruzda  suwuň  ýüzi  gyrpyklap  dursa,  tomsuň  salkyn  boljakdygydyr.

***

Nowruzda Aý demirgazykdan  dogsa,  ýaz sowuk, tomus  salkyn  bolar.  Günortadan  dogsa,  ýaz gurak,  tomus jöwzaly bolarmyş.

 

                 Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.