Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Nowruz baýramynyň milli tagamlary
  11.03.2025
1551
Nowruz baýramynyň milli tagamlary

Nowruz baýramy — baharyň gelmegini, täze durmuşyň başlanmagyny alamatlandyrýan gadymy baýram bolup, ol türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Bu baýramçylyk diňe bir däp-dessurlar bilen däl, eýsem, bereketli milli tagamlary bilen hem aýratyn bellenilýär. Nowruz günlerinde taýynlanýan tagamlar tebigatyň täzelenmegini, rysgal-bereketi hem-de agzybirligi şöhlelendirýär. Nowruzda taýýarlanylýan milli naharlar halkyň taryhy mirasyny we agzybirligini beýan edýär. 

Semeni — bereketiň we agzybirligiň nyşany

Semeni — Nowruz baýramynyň iň möhüm we mukaddes tagamydyr. Ol rysgal-bereketiň, sabyr-takatlylygyň we agzybirligiň nyşany hasaplanýar. Semeni bugdaý dänesiniň gögerdilip, üwelen unaşmasyndan taýýarlanylýar. Bu tagam birnäçe günläp taýýarlanylýar we ony taýýarlamakda köp adam gatnaşýar.

Semeniniň taýynlanyşy

Gerekli serişdeler:

• 2 kg bugdaý

• 4 litr suw

• 1 kg un

Taýýarlanyş tertibi: 

Ilki bilen bugdaýy arassalap, ony suwda 2-3 günläp goýmalydyr. Her günde suwy çalşyrmak möhümdir. Gögeren bugdaýy gowy ezip, ondan şire (suwy) çykarylýar. Ezilen bugdaýy üweýän we onuň süýji şiresini süzüp alýarlar. Alnan bugdaý şiresine un goşulýar we ol pes otda, üznüksiz garyşdyryp gaýnadylýar. Semeniniň taýýarlanyşy uzak wagt alýar, şonuň üçin sabyrlylyk bilen we yzygiderli garyşdyryp bişirmeli. Semeni galyňlaşyp, reňki goýy goňur bolandan soň, ol taýýardyr. Soňra ol sowadylýar we saçaga hödür edilýär.


Semeni diňe bir tagam bolman, eýsem, ruhy many-mazmuny hem örän uly bolan mukaddes nygmatdyr. Ony taýýarlamak adamlaryň bilelikde işleşmegini we agzybirligini berkidýär.

 

Dograma hem Nowruz günlerinde taýýarlanylýan we myhmanlara hödürlenýän esasy milli tagamlaryň biridir. Ol goýun eti, petir çöregi, sogan we kädili çorbadan taýýarlanylýar. Dograma, maşgalanyň we dostlaryň bilelikde ýygnanmagyny üpjün edýän, agzybirligi berkitýän tagam hökmünde tanalýar.


Nowruz günlerinde türkmen saçagynda hödürlenýän tagamlaryň arasynda pişme we dürli çörekler aýratyn orun tutýar. Olar baýramçylyk lezzetini we rysgal-bereketi alamatlandyrýar.

 

Nowruz baýramynyň milli tagamlary türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolup, olar halkyň ruhy gymmatlyklaryny we baýramçylyk ruhuny beýan edýär. Semeni, dograma, palaw we beýleki tagamlar Nowruzyň bereketini we halkymyzyň myhmansöýerlik däplerini şöhlelendirýär.


Mähri Annaberdiýewa.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobioligiya kafedrasynyň müdiri lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.