logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Norwegiýa "dünýäniň iň gymmat awtoulag ýoly" taslamasyny durmuşa geçirýär
  11.04.2024
736
Norwegiýa "dünýäniň iň gymmat awtoulag ýoly" taslamasyny durmuşa geçirýär

Norwegiýanyň özboluşly tokaýlyklary we ajaýyp dag landşaftlary göreni haýran galdyrýar. Şeýle-de bolsa bu ýagdaý sebitde transporty hem kynlaşdyrýar. Norwegiýanyň hökümeti bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin 47 milliard dollarlyk taslamanyň üstünde işleýär.

 

Norwegiýanyň 47 milliard dollarlyk ägirt uly awtoulag ýoly taslamasy, ýurduň taryhynda iň uly infrastruktura başlangyjydyr. Taslamanyň maksady Norwegiýanyň günbatar sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň sebitdäki hyzmatlara elýeterliligini gowulandyrmak arkaly durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar.

 

Bu giňişleýin taslama, bar bolan parom geçelgelerini düýbünden ýok etmek we ýerine köpri we tunel gurmak arkaly ýol ulgamyny üznüksiz etmegi maksat edinýär. 

 

"Dünýäniň iň gymmat awtoulag ýoly" taslamasynyň gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlanar. Netijede bu gara ýoly transportyň aňsatlygyny üpjün eder, sebitiň ykdysady ösüşine hem möhüm goşant goşar şeýle-de söwda we syýahatçylyk akymynyň hasam ýokarlanmagyna we sebitdäki durmuş derejesiniň has-da gowlaşmagyna ýardam eder.

 

Ezizhan AHMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.