Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Taryhda ilkinji gezek Ýewropada guralan bu gözellik we atly sport çempionaty 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ýaýbaňlandyryldy.
Bu giň gerimli halkara çärä iň owadan aty bilelikde ýüze çykarmak üçin dünýäniň çar künjeginden - Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan atşynaslar, alymlar we çapyksuwarlar bir ýere ýygnandylar. Çempionatyň çäklerinde ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrülen Kronenberg şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi hem Ýewropada ilkinji gezek guraldy. Mundan başga-da, bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda halkymyzyň atly däpleri we çykyşlary tomaşaçylara görkezildi.
Çempionatyň maksatnamasy diňe bir atly sport ýaryşlary bilen çäklenmän, eýsem öz içine köp sanly bäsleşikleri we sergileri hem aldy. Ýewropanyň iri atçylyk merkezleriniň birinde guralan bu çärä dünýäniň köp sanly ýurdundan wekiller we myhmanlar gatnaşyp, onda ahalteke bedewleriniň gözellik, dressaž (atyň owadan hereketi) we konkur (päsgelçiliklerden böküş) bäsleşikleri geçirildi. Halkara eminler topary bedewleriň beden gurluşyna, reňk aýratynlyklaryna hem-de meýdançada özüni alyp barşyna baha berdiler. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we zergärleriň arasynda behişdi bedewleriň gözelligini wasp edýän halkara döredijilik bäsleşigi guraldy.
Gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça Fransiýadan gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli «Ýyndam» atly gara reňkli bedew bäsleşigiň «Absolýut çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen belent ada mynasyp boldy. Bu ajaýyp ýeňiş üçin atyň eýesine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de, «Ýaş atlaryň çempiony», «Ýewropanyň iň gowy bedewi», «Iň owadan bezelen at» ýaly beýleki tapawutlanan ugurlar boýunça ýeňijilere hem kuboklar we uly möçberdäki pul baýraklary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşulan goşantlar üçin ýeňijilere ýörite baýraklar gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden tarapyndan ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza abraýly «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly baýrak we degişli Kubok gowşuryldy.
Möwlamberdi Kürräýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň III ýyl talyby.