logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / In the world /«NASA» dünýädäki iň sowuk ýeri mälim etdi: - 92,7 dereje!
  21.12.2022
1038
«NASA» dünýädäki iň sowuk ýeri mälim etdi: - 92,7 dereje!

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy «NASA» ýer ýüzündäki iň sowuk ýeri resmi sosial media platformasynda mälim etdi.

«NASA» jemgyýetçilik torunda: «Ýer ýüzünde iň sowuk ýer, Gündogar Antarktika Platosynda ýerleşýän belent dag gerişleriniň biridir. Ol ýerde gyşyň açyk gijesinde howanyň temperaturasy - 92,7 derejä çenli düşýär.» - diýip belläp geçdi.

«NASA» planetanyň iň sowuk ýerini ilkinji gezek 2013-nji ýylda tapandygyny we bu ýeriň şondan bäri her ýyl rekordy saklap gelýändigini mälim etdi. Günorta polýusda ýerleşýän bu nokat soňky 9 ýyl bäri Ýeriň iň sowuk nokady bolmagyny dowam etdirýär.

«NASA» - Milli Gar we Buz maglumatlar merkeziniň, birnäçe emeli hemradan 32 ýyllyk maglumatlary seljerenden soň, Gündogar Antarktika Platosynyň ýer ýüzündäki iň sowuk ýerdigini tassyklady.

Gündogar Antarktika Platosynda - hemra arkaly ýüze çykarylan iň pes temperatura 2010-njy ýylyň 10-njy awgustynda - 93,2 dereje boldy. 

 

Hezretaly ORAZMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.