logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«NASA» - 50 ýyldan soň ilkinji gezek Aýa gidýär
  17.11.2022
1101
«NASA» - 50 ýyldan soň ilkinji gezek Aýa gidýär

«NASA»-nyň 1972-nji ýyldan soň ilkinji gezek Aýa gitmek üçin uçuşlary başlady. «NASA»-nyň iň güýçli raketasy hökmünde bilinýän «Artemis-1» Aýa tarap ýola düşdi.

2024-nji ýyla çenli Aýa adamly uçuşlary gurnamagy maksat edinýän «NASA» Aýyň orbitasynda kosmos stansiýasy döretmek we 2028-nji ýyla çenli dowam etmegi meýilleşdirýän uçuşlaryndan soň Marsa adamly uçuşlary gurnamagy meýilleşdirýär.

Eger-de «Artemis-1» raketasy şowly uçup Aýa gonsa, onda «NASA»-nyň kosmonawtlary 2024-nji ýylda Aýyň töwereginde uçup, 2025-nji ýylda Aýda gonup bilerler.