logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Musulmanlar güýçli ýagşa garamazdan Käbä togap etdiler!
  25.11.2022
1046
Musulmanlar güýçli ýagşa garamazdan Käbä togap etdiler!

Saud Arabystanda ýagan güýçli ýagyşlar ýurduň günbatarynda ýaşaýşa ýaramaz täsirini ýetirdi. Güýçli ýagan ýagyşlar Mekgede hem amatsyz howa şertlerini döretdi. Käbä ýygnanan ýüzlerçe musulman güýçli ýagşa garamazdan, Käbä togap etdiler.

Ýaramaz howa şertleri sebäpli Şazada Abdulaziz Halkara howa menzilinde uçuşlar ýatyryldy. Güýçli ýagyş ýurduň dürli ýerinde sile sebäp boldy. Berlen maglumatlara görä, silde 2 sany adam aradan çykdy.