Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mukaddes garaşsyzlyk-halkymyzyň buýsanjy
  08.09.2023
878
Mukaddes garaşsyzlyk-halkymyzyň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, eziz Türkmenistan ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda geçen gysga taryhy döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, berkararlygyň hem bagtyýarlygyň höküm sürýän mekanyna öwrüldi. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde halkymyz Garaşsyzlyk bagtyna gowuşdy. Şol nukdaýnazardan hem Garaşsyzlyk güni köňüllerimize buýsanç hem guwanç, kalbymyza mähir paýlaýan taryhy, uly many-mazmuna eýe bolan baş baýramymyzdyr. Çünki ýurt Garaşsyzlygymyz mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagynyň kepili bolup çykyş edýär.

 

Merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlary Garaşsyzlygymyzyň ykrar edilmegi bilen wysal boldy. Garaşsyzlygymyza eýe bolan gününden soň ýurdumyz ýokary derejede uly ösüşlere eýe bolup, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda, diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap çagalar baglary we mekdepler, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalar ulanmaga berildi.

 

Bagtyýar döwrümiziň, täze galkynyşly günlerimiziň ösüşlerini her bir pudakda, her bir oba-şäherde hem görmek bolýar. Bu bolsa eziz halkymyzyň eşretli, erkana, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini äşgär edýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uzakmöhletleýin maksatnamalary yglan eden hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri barha rowaç alyp, durmuşa geçirilýän düýpli işleriň netijesinde ata Watanymyz uly ösüşler ýolundan barýar. Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik we gurujylyk güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan bu üstünlikler şöhratly geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň milli buýsanjymyza öwrülendigini alamatlandyrýar.

 

Mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan sarpasy, hormaty, söýgüsi ebedidir, Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykbaly göterilen eziz halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ajaýyp döwrüň, döwletli döwranyň eşretiniň hözirini görýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň dabaralanýan ajaýyp zamanasynda her bir günümiz ýeňişden-ýeňşe beslenýär.

 

Tiz wagtda halkymyz ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen, uly ruhubelentlikde, bir saçagyň başynda jemlenip, agzybirlikde, asudalykda garşylar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy beýik ösüşlere sary alyp barýan, eziz halkymyzyň eşretli hem abadan durmuşyny üpjün edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç alsyn!

Babyş ATJANOW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.