logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /MONARHIÝA DÖWLETLERI BARADA
  11.04.2023
6945
MONARHIÝA DÖWLETLERI BARADA

Monarhiýa – bu döwlet dolandyryş formasynyň bir görnüşi bolup, baştutany öz wezipesine nesilden-nesle ýa-da ömürlik geçirýän görnüşine aýdylýar. Dünýä ýüzünde monarhiýa döwletleriniň sany köp, ýagny dünýä ýurtlarynyň 1/6 bölegini monarhiýa döwletleri tutýar. Mysal üçin, Beýik Britaniýa, Italiýa, Ispaniýa Ýaponiýa, Taýland we başga-da birnäçe döwletler girýär. Köplenç monarhiýa döwletlerinde monarh döwlet baştutany bolup durýan hem bolsa, ol hakykat ýüzünde ýurdy dolandyrmaýar. Ýokarky häkimiýet döwletiň ýokary edaralaryna, parlamente, hökümet, maşgala geňeşine, ýokary dini adamlara degişli bolup durýar.

Monarhiýa döwletlerinde monarhyň öz tagtyny nesilden-nesle geçirmekligiň birnäçe görnüşleri bardyr. Olar:

1) Saliçeskaýa – diňe erkekler tagty neslinden-nesline geçirýär, ýagny diňe erkekler mirasdüşer bolup bilýär (Belgiýa, Norwegiýa, Ýaponiýada); 

2) Kastiliýa – Eger ogly ýok bolan ýagdaýynda gyzlaram tagtyň eýesi bolup bilýärler (Daniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada); 

3) Awstriýskaýa – Eger-de tutuş neberesinde erkek göbekli ýok bolanda gyzlar patyşa bolup bilýärler. 

4) Şwediskaýa – Aýallaram erkekler bilen bile deňhukukly mirasdüşer bolup bilýärler. (Şwesiýada). 

5) Musulman görnüşi - (Katarda, Kuweýtde, Saud Arabystanda) Nesilşalygyň   özi kimiň Korol bolmalydygyny özbaşdak kesgitleýär. 

6) Taýpalaýyn görnüşi – bolanda taýpa maslahaty birnäçe mirasdüşer ogullarynyň içinden birini saýlaýar.   

Monarhiýanyň birnäçe görnüşleri bar:  

1) Absolýut monarhiýa;
2) Otnositel görnüşi bar (dualistik, parlamentar);


Monarhiýanyň ýene bir görnüşi dualistik monarhiýa. Dualistik monarhiýada parlament konstitusiýada doly hereket edýär. Ýöne şeýle-de bolsa hökümet monarh tarapyndan bellenilýär we diňe şonuň öňünde jogapkär.

Parlamentar monarhiýa – parlamentar monarhiýada demokratik ýol bilen kabul edilen konstitusiýa halk tarapyndan saýlanylýan parlament hereket edýär. Monarh ýuridiki taýdan döwlet baştutany bolup galýar. Ýöne hakykat ýüzünde döwleti parlament dolandyrýar. Parlament monarhiýa döwletlerinde hökümet diňe parlamentiň öňünde jogapkär bolup durýar.     

Konstitusion monarhiýa döwletlerinde monarhyň ygtyýarlyklary gös-göni ýazylyp bellenilýär. 

 

Şaira REIMOWA, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.