Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Mikrosuwotulardan et näme üçin oýlanyp tapyldy?
  28.04.2023
734
Mikrosuwotulardan et näme üçin oýlanyp tapyldy?

Alymlar adaty et önümlerine alternatiw bolan önümleri yzygiderli gözleýärler. Çünki oba hojalygynyň kuwwaty tutuş adamzady deň derejede iýmitlendirmek üçin ýeterlik däl we dünýä ilatynyň sany yzygider köpelýär. Muňa jogap hökmünde mikrosuwotulardan öndürilen et oýlanyp tapyldy. Aslynda, deňiz ösümlikleriniň eti köplere geň we ekzotik önüm ýaly bolup görünýär. Şeýle-de bolsa, 2050-nji ýylda dünýä ilaty 9,7 milliard adama çenli artjak bolsa, bu beýle erbet pikir ýaly hem bolmaz. Hünärmenleriň pikiriçe, ýer ýüzündäki adamlaryň sanynyň köpelmegi üçin azyk önümçiligi 70% ýokarlanmalydyr.

Oba hojalygynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň ozal ulanylan usullary daşky gurşawa ýetirýän täsiri sebäpli ýakyn wagtda ähmiýetini ýitirer. Sebäbi oba hojalygynda has hem antropogen täsirler tebigata uly zyýan ýetirýär: haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş ýerleriniň hilini peseldýär, parnik gazlaryny atmosfera çykarýar we kanalizasiýa derýa we deňiz ýaşaýjylaryna zyýan ýetirýär. 

Näme üçin deňiz ösümlikleri etiň ýerini tutup biler? 

Suwotular ösümlik etini öndürmek üçin ekologiýa taýdan iň amatly, arassa we sagdyn çig maldyr. Çünki olar eti ýerini çalyşmak üçin gowy «dalaşgär». Bu usul goşmaça suw ýa-da ýer talap etmeýär. Et iýýänleriň köpüsi hatda eti we doýgun ýaglaryň mukdaryny azaltmaga taýyn, deňiz ösümlikleri bu ýerde-de möhüm orny eýeleýär. Kelp suwotusy Aziýada ýüzlerçe ýyl bäri yzygiderli iýilse-de, günbatarlylar üçin henizem ekzotik we seýrek duş gelýär. Olar beloklara baýdyr. Käbir mikrosuwotularyň belok düzümi, et ýaly umumy belok çeşmelerinden iki esse ýokarydyr. Mundan başga-da, bular ähli zerur aminokislotalary öz içine alýan doly gurluşly beloklardyr. Gury suwotulardaky belok adatça 40–60% bolýar. Şeýle hem omega-3 ýag kislotalary, ekosapentaeno turşusy (EPA) we dokosaheksenoik kislotasy (DHA) bar. Mundan başga-da, olar witaminlere, esasanam B we C, minerallara we antioksidant birleşmelerine baýdyr. Ýeri gelende aýtsak, mikrosuwotularyň birnäçe görnüşi, şol sanda spirulin we hlorella köplenç iýmit goşundylarynda bolýar. Olary ösdürip ýetişdirmek ekologiýa taýdan arassa. Mikrosuwotular gün şöhlesini, kömürturşy gazyny we ýokumly maddalary biomassa öwürýär we dürli şertlere uýgunlaşmak üçin ýokary ukyba eýe. Maglumatlara görä, mikrosuwotulardan etiň ornuny tutýan önüm almakda suwotulary fermentlemek üçin bary-ýogy üç gün gerek boldy. Olary ösdürip ýetişdirmek üçin dökünler, gerbisidler, antibiotikler ýa-da ösüş gormonlary hem talap edilmeýär.  

Deňiz ösümlikleriniň eti nähili tagamly? 

Gollandiýanyň ilkinji organiki suwotular fermasyndan ýygnan şeker suwotulary, Gollandiýanyň «Weed Burger» iýmitine soýa tagamyna kybapdaş tagam goşýar. Ol ýaşyl reňkli çörekde hödürlenýär we deňiz salat sousy bilen bezelýär. Kompaniýa 40%-e çenli belogy öz içine alýan gyzyl deňiz ösümliklerini ulanýar. Meňzeşligi döretmek üçin gidrokolloidler ulanylýar, olar deňiz ösümliklerini elastik we ýumşak edýän jel maddalarydyr. Ösümlik ýaglary, gaty dokumany we haýwan ýagyny meňzeş etmek üçin gidrokolloidlerde jemlenendir. Bu kiçijik mikroorganizmler haýwan beloklaryna alternatiw hökmünde uly mümkinçiliklere eýe. Şeýle et ýakyn ýyllarda azyk dükanlarynda hem elýeterli bolar. 

 

Baýram GURBANDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.