logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Meşhur brendler dogrusynda bilmek gyzykly...
  02.11.2022
1189
Meşhur brendler dogrusynda bilmek gyzykly...

Häzirki wagtda döwrüň ösmegi bilen, dürli hyzmatlar, dürli önümçilik bilen meşgullanýan kompaniýalaryň, kärhanalaryň sany hem barha artýar. Islendik kompaniýa ýa-da kärhana öz önümleriniň giňden tanalmagy üçin dürli haryt nyşanlary, belgileri oýlap tapmak bilen, alyp barýan işini takyk görkezýän haryt nyşanyny döredip, ony kämilleşdirýär. Şeýle dünýäbelli brendler, meşhur haryt nyşanlary hakynda durup geçmek her birimiz üçin täsirli bolsa gerek: 

Nike. Köpümize mälim bolan bu haryt nyşanynyň manysy «swoosh» («bellik») bolup, ilkibaşda kompaniýa üçin bu nyşany satyn almak bary-ýogy 35 dollara düşüpdir. Nyşanyň awtory Karolaýna Dewidson hasaplanýar. «Swoosh» sözi «jürlewük» diýen manyny berýär. «Swoosh» nyşany onuň awtorynyň döredijiliginiň ilkinji üstünlikli işi bolup, oňa soňlugy bilen köp girdeji gazanmaga ýol açdy.

Apple. Häzirki wagtda has hem meşhurlygy artan «Apple» nyşanyny bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Bu haryt nyşanyny döreden kompaniýany esaslandyryjylaryň biri bolan Ronald Weýn hasaplanýar. 1998-nji ýyla çenli «Apple»-iň haryt nyşany älemgoşar reňkdäki dişlenen almanyň şekili boldy. Wagtyň geçmegi bilen «Apple» nyşany öz reňkini, göwrümini we çyzgysyny yzygiderli üýtgedip geldi. Häzirki wagtda bize mälim bolan, dişlenen adaty almanyň şekili 2015-nji ýylda döredildi.

Coca-Cola. Bu meşhur içginiň haryt nyşany ilkinji gezek 1893-nji ýylda döredilip, onuň ýazgysy kompaniýanyň ady bolup, elde gytaklaýyn görnüşde ýazylana çalymdaş bolupdyr. Bu nyşanyň awtory Frenk Robinson hasaplanylýar. Haryt nyşany dürli ýyllarda ençeme gezek üýtgedilip, 1980-nji ýylda «Coke» görnüşde atlandyrylyp, soňra onuň ýazylyş şekili ýene üýtgedildi. Häzirki «Coca Cola» brendiniň nyşany ilkinji şekiline meňzedilip, onuň öňküsinden tapawudy ýazgynyň gyzyl reňkde bolmagydyr. 

Lacoste. Krokodiliň şekilindäki bu haryt nyşany 1933-nji ýylda döredilip, ony esaslandyryjy Žan Rene Lakoste bolupdyr. Bu haryt nyşanyň awtory şol bir wagtda kompaniýanyň hem esaslandyryjysy bolup, ol şol döwrüň tanymal tennisçisi hasaplanypdyr. Şol wagt bu brendi «Alligator» ady bilen atlandyrypdyrlar. 

Lamborghini. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde giňden tanalýan bu brend ilkibaşda traktor öndüripdir. Ony esaslandyryjy Ferruçço Lamborgini bolupdyr. Bu brendiň haryt nyşanynda hüjüm etmäge taýýar öküzi görmek bolýar. Munuň sebäbi-de ony esaslandyryjy F.Lamborgini öküz söweşleriniň muşdagy bolupdyr. Ol bu şekili çydamlylygyň alamaty hasaplapdyr. Häzirki wagtda bu kompaniýa gymmatbahaly super awtoulaglary bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýar.

 

Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.