logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Mertebe mirasy-türkmen şaý-sepleri
  02.12.2021
1582
Mertebe mirasy-türkmen şaý-sepleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Ýurdumyz gün saýyn ösýär we özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde milli däp-dessurlarmyzy medeni gymmatlyklarmyzy aýawly saklamakda häzirki günlerde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şaý – sepleri daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli derejesini kemala getirýär. Şonuň netijesinde her bir halkyň milli ýörelgelerinden ugur alýan egin – eşiklerinde, şaý – seplerinde özboluşly aýratynlyklar saklanýar. Şaý – sepleriň öz gözbaşyny ýönekeý nusgalarda, ilki durmuş döwürinden alyp gaýdýandygy barada taryhy çeşmelerde bellenilýär. Türkmen şaý-sepleri özboluşlylygy we deňsiz – taýsyzlygy bilen tapawutlanýar, şaý – sepleriň gelin – gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr. Türkmen şaý-sepleri gelin – gyzlarymyzyň mertebesidir. Sebäbi öz göwün diýen lybasyny geýip, şaý-sepini dakynyp çykan her bir türkmen zenanynyň başy buýsançlydyr, kalby joşgunlydyr.Hormatly Prezidentimize mähriban Watanymyzyñ  mundan buýana-da gülläp ösmegi, il-halkymyzyñ  abadançylygy üçin alyp barýan tutumly işlerinde  rowaçlyklar arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömüri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.