logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi
  17.12.2025
526
Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berýär.

 

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Kanun çykaryjy Palatanyň spikeri Nuriddin Ismoilow, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy U Won Sik, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň başlygy Ýerlan Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygynyň orunbasary Aziz Giýozoda, Gyrgyz Respublikasynyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Duýşankul Çotonow, şeýle-de Türkmenistanyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy. Plenar hem-de mowzuklaýyn mejlislerde jemgyýetçilik adalatlylygyny berkitmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak we ekologiýa degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň sentýabrynda Seulda we 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen öňki duşuşyklaryň bu formatyň netijelidigini hem-de wajypdygyny aýdyň görkezendigini bellediler. Duşuşygyň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygynyň Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.

 

Güýçmyrat ALLAMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.