logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Merkezi Aziýa döwletlerinde gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekiler
  30.03.2023
525
Merkezi Aziýa döwletlerinde gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekiler

Türkmenistan, Gazagystandan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler. Bu barada « KazTAG » tarapyndan habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystan Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýar.

 


Ylalaşyk gury ýer ulaglary arkaly halkara ulagy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligi ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Şeýle hem ol ylalaşykda häzirki zaman ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, şol sanda gury ýer ulaglary arkaly ulag hereketine gözegçiligi sanlylaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny ulanmak tejribesini höweslendirmek we ösdürmek hem göz öňünde tutulýar.