logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Men saňa bagt bolup geldim» - Şageldi SALYHOW
  15.04.2023
1131
«Men saňa bagt bolup geldim» - Şageldi SALYHOW

Söýgä teşnedigňi bilip,
Men saňa bagt bolup geldim.
Gün deýin alnyňdan dogup,
Men saňa bagt bolup geldim.

Teşne ömre bulut kimin,
Bagt gelende uzat eliň,
Wysal edip umytlaryň,
Men saňa bagt bolup geldim!

Gülleri deýin, baharyň,
Söýgä öwrüp giň jahanyň,
Şygra salyp, yşk-heseriň,
Men saňa bagt bolup geldim.

Saýlap-seçip gözelligiň,
Seni söýdi göwün, gözüm...
Ömre bezeg, gözelligim,
Men saňa bagt bolup geldim.

Ömrüň mähre gurşamaga,
Irden-säher, agşamara,
Waspyň goşup şygyr, saza,
Men saňa bagt bolup geldim.

Aýan edip göwün syrym,
Epip dyzym, egip serim,
Sowgat edip söýgi syrym,
Men saňa bagt bolup geldim!