logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Medeni mirasyň waspy
  16.01.2022
743
Medeni mirasyň waspy

Gojaman taryhyň sahypalaryna ser salsaň, kuwwatly türkmen döwletiniň, asmana gol bulaýan kaşaň-kaşaň ymaratlary, bagy-bossana bürelip oturan şäherleri gurandyklaryny görmek bolýar. Emma, wagt geçip heňňam üýtgäp dur. Şeýle bolsa-da, ata-babalarymyzyň gaýraty bilen döredilen bu ajaýyp sungatlar, beýik-beýik ymaratlar ýer ýüzünden ýitip gidibermändir. Ene ýeriň gatlaklaryndan olaryň galyndylary tapylyp dur. Şol gymmatlyklary bir ýere jemläp, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin uly muzeýler döredilipdir.

Her bir taryhy gymmatlygy aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, olary has içgin öwrenmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde muzeýler gurulyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, şekillendiriş sungaty muzeýi Milli haly muzeýi, Watan mukaddesligi muzeýi, Magtymguly pyragy muzeýi, Gökdepe muzeýi, şeýle hem welaýat merkezlerinde gurlan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri halkymyza taryhyň sahypalaryny açyp görkezýär.

         Muzeý gymmatlyklary biri-birinden täsirli. Gadymy döwürde ata-babalarymyzyň senetçilik sungatyny has ýokary derejä göterendiginiň şaýady bolýan keramika önümleri diýseň ajaýyp. Keramika gaplaryny öndürmek, baryp, gadymy Jeýtun, Änew, Altyndepe, Ulugdepe, Garadepe, Parzdepe, Namazgadepe ýaly gadymy medeniýetlerden gözbaşyny alyp gaýdýar. Ýurdumyzda gadymy Marguş, beýik Parfiýa döwletlerinde hem keramika önümlerini öndürmek ýokary derejede  ösüpdir. Orta asyrlarda türkmenler gaplaryň dürli görnüşlerini öndürip, olary syrçalamagy we nagyşlamagy başarypdyrlar.

         Uly mirashanany ýatladýan muzeýlerdäki gymmatlyklaryň her birirni synlamagyň üýtgeşik lezzeti bar. Olar ata-babalarymyzyň bize goýan milli gymmatlyklarydyr.