logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /MATEMATIKA DÜNÝÄSINDEN
  25.11.2022
2669
MATEMATIKA DÜNÝÄSINDEN

- «Matematika» sözi grekçe «mathema»-dan gelip çykyp, bu söz «öwretmek», «ylym», «gözleg» manylaryny aňladýar.

- XVI asyryň ortalarynda « = » deňdir belgisi Angliýaly matematik Robert Record tarapyndan ilkinji gezek ulanylýar.

- Goşmagyň we aýyrmagyň ilkinji alamatlary 500 ýyl gowrak mundan öň edebiýatlarda ýüze çykandyr.

- Miladydan öňki VI asyrda hindi matematigi Budhaýan tarapyndan «Pi (π)» belgisi oýlanyp tapylýar.

- Iň gadymy matematiki eser alymlar tarapyndan Swazilendde tapylýar. 

- Taý dilinde 5-nji belgä «Ha» diýilýär, käbir taýlar klawiaturasyna 555 ýerine «Ha ha ha» diýip ulanylýar.

- Häzirki wagtda iň uly san sentillion bolup, bu birlik we alty ýüz noldan durýar.

- Gadymy Rim sanlarynda ýazyp bolmaýan ýeke-täk san – «0» bolup, rimliler «0» sanyň ýerine «nulla» sözüni ulanypdyrlar.

- Aleksandriýaly Gipatiýa ilkinji aýal matematik bolup, onuň döwründe diňe erkekler alym bolupdyr. Şeýle hem, şol wagtlar aýallar hatda okamagy hem bilmeýärdiler.

- Kwadrat deňleme biziň eramyzyň VI asyrynda hindi matematigi tarapyndan döredilipdir.

- 6-njy martda Bütindünýä matematika güni bellenip geçilýär.
 

 

Süleýman BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.