logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi
  06.06.2025
527
Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we onuň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işläp başlanyna dört ýyl boldy. Bu döwürde Gaznanyň goldawy bilen 500-den gowrak näsag çaga çylşyrymly operasiýalardan geçip, saglyklaryny dikeldip bildiler. Şu görkeziji boýunça her aýda takmynan 12 çaga bejergi alýar. Bu maglumat "Watan" habarlar gepleşiginde beýan edildi.

 

2025-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatyndan gelen saglygy dikeldilmegi gerek körpejeler Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň sagaldyş merkezinde ýatymlaýyn bejergi aldylar. Şeýle hem Lebap welaýatyndaky näsag çagalara dikeldiş çäreleri başlandy.

 

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara kardiologiýa merkezinde hem-de welaýatlardaky saglygy goraýyş merkezlerinde çagalara ortopediki, neýrohirurgiki, awtolmologiki we kardiohirurgiki operasiýalar üstünlikli geçirildi.

 

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Arkadag şäheriniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň  Halkara kardiologiýa merkezinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy goraýyş merkezlerinde, doga daýanç hereket ulgamyndan, nerw ulgamyndan, göz kesellerinden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan, ortopediki, neýrohirurgiki, awtolmologiki hem-de kardiohirurgiki operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doga merkezi nerw ulgamy keselinden ejir çekýän Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy 1 aýlyk çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan neýrohirurgiki bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyrdy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 12 ýaşly çaga hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjysy 2 ýaşly çaga Arkadag şäheriniň köpugurly hasshanasynda bolsa doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy 8 ýaşly çaga ortopediki, hirurgiki bejeriş operasiýalary ýerli lukmanlarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy. Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda göz keselinden ejir çekýän Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 4 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan awtolmologiki, hirurgiki bejeriş  operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş  merkezinde doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Mary welaýatynyň ýaşaýjysy 14 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan ortopediki, hirurgiki bejeriş operasiýasy geçirildi. Halkara saglyk merkezler müdiriýetiniň halkara kardiologiýa merkezinde Mary welaýatynyň ýaşaýjysy 8 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgiki bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.