logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Maşgala mukaddesligi
  18.12.2023
884
Maşgala mukaddesligi

Agzybir türkmen ojagynda maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmek, bilimli we edep-terbiýä ýugrulan sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly möhüm meseleler islendik döwürde hem üns merkezinde saklanypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri ýetişdirmekde dana pederlerimizden miras galan milli terbiýäniň özboluşlylygyny ýitirmän, terbiýeçilik işlerindäki däplerimizi mynasyp dowam etdirmäge we olary döwrümiziň talaplaryna laýyk ösdürmäge giň ýol açyldy.

 

 

Ynsany görke getirýän ajaýyp häsiýet bolan edep-terbiýesi çaganyň dünýä inen ilkinji ýyllaryndan kemala gelip başlaýar. Her bir ata-ene öz perzentlerini terbiýeli, päk ahlakly, halallyga ýugrulan, adamkärçilikli, zähmetsöýer, hakyky Watan ogly edip ýetişdirmek ugrunda gije-gündiz yhlas edýär. Parasatly pederlerimiziň ynsanperwerlige beslenen durmuş ýörelgeleridir pent-nesihatlary bu günki günde ýaşlarymyz üçin örän uly milli mekdep bolup durýar. Türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda maşgala däplerine eýermekleri, öz ata-enelerinden nusga almak bilen, dogry ýoldan ýöremekleri jemgyýetiň sagdyn bolmagynda, ösen jemgyýetiň kemala gelmeginde esasy orun degişlidir.

 

 

Hormatly Preizdentimiziň: “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen jaýdar jümleleri ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryna goýulýan aýratyn sarpanyň belent nyşanydyr.

 

 

Pälwan GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.