logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Society /Malaýziýada “Magtymguly – dünýäniň akyldary” kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
  27.03.2025
1485
Malaýziýada “Magtymguly – dünýäniň akyldary” kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Magtymguly – dünýäniň akyldary" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy gurnady.

 

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M. Maşalow öz çykyşynda kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin maglumat berip, Magtymgulynyň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekdäki ornuna aýratyn üns çekdi.

 

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

 

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň "Magtymguly – dünýäniň akyldary" atly kitaby Sunway uniwersitetiniň kitaphanasyna gowşuryldy.

 

 

Suhanguly Hudaýgulyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.