logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Poetry /«MÄHRIBAN» - Dürnabat AŞYROWA
  15.04.2023
943
«MÄHRIBAN» - Dürnabat AŞYROWA

Ýüregiň üstünde başymy goýup,
Demiňi diňläsim geldi, mähriban!
Bar gaýgy-gussany bir ýana sowup,
Guş kimin ýeňläsim geldi, mähriban!

Gyrawlan duýgymy eredip ýene,
Gözleriň içine seredip siňe.
Serimi sämedip yşkyňdan ýaňa,
Donuma sygmasym geldi, mähriban!

Gözlerimde yşkyň ataşyn ýakyp,
Saçlaryma söýgiň müşküni sepip.
Ýüregiň tarlarny yşk bilen kakyp,
Mukamyn diňläsim geldi, mähriban!

Sapagyndan tänip gaýgy-gussanyň,
Wysal eýläp ýüregimiň islänin.
Başdan ýazyp ömrüň söýgi dessanyn,
Derdiňi emläsim geldi, mähriban!

Ýyldyzlardan alyp gözlem nuruny,
Gün deý döküp ýüregimiň howruny.
Guş kimin asmana uçan göwnüňi
Ýüregme ýerläsim geldi, mähriban!

Galat däldir yşk ýazdyran namasy,
Serim joşa geldi, arman aglady.
Kalbym seň şanyňa dessan baglady,
Aýdym aýt, diňläsim geldi, mähriban!

Çoýunyp daňa çen mähir çoguňa,
Azaşaýyn didäň gara-agyna.
Seni ýürek söýgimdenem gabana,
Gursakda gizläsim geldi, mähriban!