Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mährem zenanlarymyzyň baýramy gutly bolsun!
  07.03.2024
372
Mährem zenanlarymyzyň baýramy gutly bolsun!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes ojaklarymyzyň söýesi bolan mährem zenanlarymyz eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine we ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan belent özgertmelerine öz mynasyp goşantlaryny goşmak bilen ata Watanymyzyň ýagty geljegi, aýdyň ertiri bolan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda yhlas edýärler. 

 

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmetlerine çäksiz buýsanýarys” diýen buýsançly sözleri zenanlaryň, gelin-gyzlaryň çekýän zähmetine, ene mähribanlygyna, aladasyna, ruhy jomartlygyna çuňňur sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan zenanlarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Elbetde, munuň özi bolsa döwletlilikden nyşandyr. Türkmen zenanlary döwletimiziň özleri baradaky hemişelik aladasyna hemişe buýsanýarlar, ýurdumyzda maşgalanyň abadançylygy, ýaş nesilleri terbiýelemek üçin döredilýän şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. 

 

 

Mährem käbelerimiz, zenanlarymyz, ýüzi nurly enelerimiz halkymyzyň buýsanjydyr, maşgala ojagynyň söýesi hem sütüni, wepalylygyň belent nusgasydyr. Merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny häzirki döwürde mynasyp dowam etdirmekde zenanlaryň hemmetaraplaýyn zehinine möhüm orun degişlidir. Gelin-gyzlaryň döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary deňhukukly jemgyýetiň durnukly ösüşiniň wajyp şertidir. Bu günki gün zenanlar milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda öz hünär başarnyklaryny işjeň görkezip, täzeçe ugurlary özleşdirýärler, telekeçilik işini üstünlikli alyp barýarlar. Bularyň ählisi bolsa enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da artdyryp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

 

 

Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň ähli zenanlarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, mährem enelerimizi ýurdumyzda uludan bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Ýuldaş ÝULDAŞOW,

 Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.